Ýagyş ýagmagynyň yz ýany emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli älemgoşary gören bolsaňyz gerek?! Bu täsin tebigy hadysa Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi netijesinde emele gelýär.
Aslynda, bize sary bolup görünýän hem bolsa, Gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde gyzyl, sary, ýaşyl ýaly beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjasy ol reňkleri bölüp, bize aýratynlykda görkezýär. Ýagny ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma öwrülmegi bilen döreýär. Älemgoşarda, adatça, ýedi reňk bolýar: gyzyl, narynç, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we benewşe. Onuň reňkleri hem köplenç şu tertipde bolýar. Älemgoşaryň çür depesi, ýagny egrelýän ýeriniň ortasy 42 gradus bolýar we gyzyl reňk daş, benewşe reňk iç tarapda bolýar. Kähalatlarda merkezi burçy 50 gradus bolan ikinji älemgoşar hem peýda bolýar. Ýagny goşa älemgoşar emele gelip, onuň biri has gowşak görünýär, reňk tertibi beýlekisiniň tersine bolýar.
Gün gözýetimden beýikligi 52 derejeden ýokary geçse, älemgoşar emele gelmeýär. Bulardan başga-da, diňe inçe gyzyl ýa-da gyzyl-ýaşyl reňki bolan älemgoşarlar hem bolýar. Ýagyş damjalary uly bolsa, älemgoşaryň reňki has dury we reňkleri aç-açan görünýär. Ownuk ýagyş damjalary has gowşak we giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar ümürli howada has köp gabat gelýär. Adatça, ýarym Aý görnüşde peýda bolýan bu hadysa dagyň depesinden we uçardan seredilende tegelek görnüşde hem ýüze çykyp bilýär. Älemgoşaryň çykmagy üçin asmanda Günüň bolmagy zerurdyr. Ol hemişe Günüň gabat garşysynda, köplenç, demirgazyk-günorta tarapda döreýär.
Gün näçe ýokarda bolsa, älemgoşar ýere şonça ýakyn bolýar. Şol sebäpli ýedi reňkli älemgoşar irden we agşamara peýda bolýar. Bu hadysa diňe ýagyş ýaganda däl, eýsem, suw çüwdürimleri, şaglawuklar ýa-da suw akýan beýleki ýerlerde hem Gün şöhlesiniň düşüş dikligine görä peýda bolup bilýär. Kä ýerde diňe gijesine görünýän älemgoşar hem bolýar. Demirgazyk ýurtlarynda gyşyna ak reňkli älemgoşar emele gelýär.
Daýanç NURMYRADOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidrotehniki desgalar taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby.