«2024 ýaz we tomus» zenan moda egin-eşik sergileri, ýylyň iň uly moda wakalarynyň biri bolan Nýu-Ýork moda hepdeliginde yzly-yzyna geçirilýär. Jennifer Lopez, Gigi Hadid, Blake Liwely, Naomi Watts ýaly meşhur ýyldyzlar moda sergilerini öňdäki hatarlardan synlaýarlar.
Ýylyň iň uly moda wakalarynyň biri bolan Nýu-Yorkork moda hepdeligi başlandy! 2024-nji ýylyň zenan egin-eşik möwsüminiň görnükli dizaýnlary yzygiderli moda sergilerinde hödürlenýär. Lýuks moda markalary täze kolleksiýalaryny moda söýüjilerine ajaýyp moda görkezişleri bilen hödürleýär.
Bir zady aýratyn bellemek gerek. Aslynda-da, moda iň üýtgäp durýan medeni hadysalaryň biridir. Her möwsüm bize durmuşyň geçişini, dünýädäki hemme zadyň gaýtalanýandygyny görkezýär, şeýle hem moda bize ertire bolan umydy döretýär.
Dilraba ATAJANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby.