Fransiýanyň paýtagty Pariždäki meşhur «Palais de Garnier» opera teatrynyň daşky görnüşi suratlar bilen örtüldi. Bu taryhy ýadygärlik Pariždäki iki opera teatrynyň biri bolup, onda birnäçe aý mundan ozal 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýan dikeldiş işleri dowam edýär.
Taryhy binany öz içine alýan suratlar uly ünsi çekdi. Häzirki wagtda bu künjek iň gelim-gidimli ýerleriň hataryndadyr.
Taryhy ýadygärlikler islendik döwletiň milli buýsanjy hasaplanýar. Taryhy ýerler syýahatçylyk pudagynyň hem ösmegine oňaýly täsir edýär.
Begmyrat AŞYROW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby.