Siziň üçin...Slider

Bilim. Sapak. Tejribe

15-09-2023 / 5
  • Öz ýolumyzy bilim çyragy bilen özümiz ýagtylandyrmasyzdan, özgelere ýol görkezip bilmeris.
  • Bilimiň baş maksady özünden öňki nesilleriň döreden zatlaryny gaýtalamak däl-de, täze zatlary döretmäni başarýan adamlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.   
  • Giň garaýyşly bilimiň ilkinji maksady adamyň aňyny ýagşylyga gönükdirmekden ybaratdyr.
  • Alan bilimiň seniň abraý-mertebe gymmatlygyňdyr.
  • Bilim biziň öwrenmedik zatlarymyzdan ybarat zatdyr.
  • Ähli bilimleriň iň gymmatly netijesi, megerem, ýerine ýetirmeli işleriňi, isleseň-islemeseň, wagtynda bitirmeklige özüňi mejbur etmek başarnygyndan ybarat bolsa gerek. Bu ilkinji nobatda öwrenilmeli sapakdyr. Adam bu sapagy özleşdirmäge näçe ir girişse, soňky sapaklaryny dolulygyna öwrener.  
  • Bilimli — bu täze pikirleri döredip bilýän we beýlekiler bilen sypaýy bolmagy başarýan adamdyr.
  • Çaga bilim bermegiň maksady oňa özbaşdak, mugallymsyz bilimini artdyrmak başarnygyny öwretmekden ybaratdyr.
  • Bilim sowatsyzlygymyzyň öňüni almagyň açyşydyr.

Taýýarlan: Gözel SÄHEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu