Gündelik durmuşymyzda ulanýan nakyllarymyzyň düýp manysyny yzarlasaň, terbiýeleýjilik häsiýetli wakalaryň, birnäçe rowaýatlaryň üstünden barýarsyň. Olaryň ählisi-de durmuşyň many ýüki ýetik sapagy. Şol sebäpden-de nakyllar edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan yzygiderli öwrenilip gelinýär. Ynha, «Eder-eder özüne eder» diýen nakyl hakynda şeýleräk rowaýat bar.
Gadym zamanlarda bir derwüş gapy-gapy aýlanyp, «Eder-eder özüne eder» diýip gaýtalapdyr. Bir aýal çörek ýapyp duran ýerinden: «Şu derwüşiň sesi ýüregime düşdi» diýip, çöregine awy goşupdyr-da, oňa beripdir. Derwüş çöregi torbasyna salypdyr-da, şol bir sözlerini gaýtalap, ýola düşüpdir. Ýolda oýnap ýören oglanjyklaryň ýanyna ýetende, olaryň biri ylgap gelipdir-de, bir bölek çörek bermegini haýyş edipdir. Derwüş hälki aýalyň beren çöregini şol durşuna oňa beripdir. Oglanjyk çöregi iýen dessine heläk bolupdyr. Ýanyndaky dostlary ylgap onuň ejesini alyp gelipdirler. Bolan işe aňk-taňk bolan aýal: «Öz eden işim, dökülsin dişim» diýip, ýer ýumruklap aglamaga başlapdyr. Hälki derwüş yslam äleminde ady belli diwana Bahaweddin Nagyşbendi eken. Ol aýalyň ahy-perýadyna dözmän, Allatagaladan oglanjygy direltmegi diläp, nalyş edipdir. Onuň dilegi kabul bolup, oglanjyga jan giripdir. Şeýdip ol aýal ýaramaz niýetiň öz aýagyňa duşak bolýandygyna düşünipdir.
Bu bir rowaýat, ýöne onuň aňyrsynda halkymyzyň päk ahlak baradaky ýörelgeleri, ýagşylyk hem ynsanperwerlik gatnaşyklary ýatyr.
Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.