2023-nji ýylyň 15-19-njy oktýabr aralygynda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde «Toji Somon» film festiwaly geçiriler. Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanan festiwala Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» çeper filmi hem gatnaşar.
Täjigistandaky film festiwaly ýurduň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlangyjy bilen «Täjikleriň ösüş taryhy» şygary astynda geçiriler. Film festiwalynyň maksady döredijilik ýaşlaryny goldamak, tejribe alyşmak, ýaş kinorežissýorlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak, içeri we daşary ýurt filmlerini kino söýüjilerine hödürlemek, bilelikde önümçilik taslamalaryny ösdürmek, syýahatçylyk ugurlaryny hödürlemek, kino pudagynda halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmekden ybaratdyr.
«Toji Somon» film festiwaly çeper we gysga metražly filmlerde bäsdeşlik maksatnamalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, film taslamalary bilen tanyşmak, daşary ýurtlaryň meşhur kino wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda geňeş Eýrandan, Belarussiýadan, Wengriýadan, Özbegistandan, Päkistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdan 25-den gowrak filmi saýlap alypdyr.
Gülbibi ANNAMEREDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.