Häzirki wagtda Hytaýyň milli ýüpek muzeýinde «Reňkli Aziýa: Aziýanyň lybaslary» atly sergi geçirilýär.
Hançjou şäherinde geçirilen XIX Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly guralan bu sergide Türkmenistan, Hytaý, Koreýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Taýland, Indoneziýa, Malaýziýa, Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Hindistan, Pakistan, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Siriýa we Ysraýyl ýaly ýurtlaryň medeni mirasyna degişli önümler sergilenýär. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda açylan sergi «Gündogar Aziýa», «Günorta-Gündogar Aziýa», «Günorta Aziýa», «Merkezi Aziýa» we «Günbatar Aziýa» atly 5 sany bölüme bölünýär.
«Reňkli Aziýa: Aziýanyň lybaslary» atly sergi şu ýylyň 12-nji noýabryna çenli öz işini dowam eder.
Perhat AKYÝEW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidrotehniki desgalar taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby.