«Apple» kompaniýasy USB-C porty bolan ilkinji «iPhone» -lary tanyşdyrdy diýip, «meduza.io» habar berýär.
Dizaýn görnüşini saklan täze model, kämilleşdirilen ekranlar, täze prosessorlar we batareýalar bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bu aýratynlyklar smartfon satuwynyň global pese gaçmagyna jogap hökmünde enjamyň kamerasyny we ykjam oýun mümkinçiliklerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Çyglylygy goramagy has-da kämilleşen «iPhone» 30 minudyň dowamynda 6 metre çenli çuňluga suwa çümdürilip bilner. Täze önümleriň tanyşdyrylyş dabarasynda «Apple» diňe iki önüme – «Apple Watch» we «iPhone-a» täzelenmeler girizdi. Ikinjisi iki görnüşde bar: 6.1 we 6.7 dýuým ekranly. Ähli täze modellerde diňe «Pro» we «Pro Max» görnüşlerinde görkezilen «Dynamic Island» elementi bardyr.
Şeýle-de, «iPhone 15» täze «A16 Bionic» prosessor we gadjetiň azyndan bir gün zarýad bermezden işlemegine mümkinçilik berýän batareýa bilen üpjün edilen. Täze önümleriň özüne çekijiligini 48 megapikselli linzaly kämilleşdirilen kamera we 12 megapikselli 2x optiki ýakynlygy bolan telefon linzasy bar. Täze «Phone» bäş reňkde bolup, olar: gara, gök, açyk ýaşyl, sary we gülgüne reňklerdir.
«iPhone 15» -iň Amerikadaky bahalary:
«Iphone 15» – 799 $;
«Iphone 15 Pro» – 999 $;
«Iphone 15 Pro Max» – 1199 $;
«Iphone 15 Pro Max» 256 gb – 1199$;
«Iphone 15 Pro Max» 512 gb – 1399 $;
«Iphone 15 Pro Max» 1 TB – 1599 $.
Şamuhammet ATAGELDIÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.