* Bir gije-gündiz 23 sagat 56 minut 4,004 sekunda barabar.
* Günüň ululygy Ýerden 1 million esse uly.
* Planetalaryň öz gyzgynlygy bolmaýar. Planetalar we beýleki asman jisimleri Günden gelen şöhleler bilen gyzýarlar. Şol sebäpli Güne ýakyn planetalar has yssy bolýar. Wenera Güne iň ýakyn ikinji planeta bolup, bu ýerdäki ýylylyk 450 derejä barabar.
* Ýer Günüň daşyndaky bir aýlawyny ortaça 365 günde, Mars bolsa 686,9 günde tamamlaýar.
* Ýeriň dartyş güýji Marsda Ýerdäkiden üç essä barabar pes. Şol sebäpli Ýerdäki agramy 90 kilogram bolan adam Marsa barsa, bary-ýogy 35 kilogram bolar.
* Uly planetalaryň daşyndan belli orbitada aýlanýan asman jisimleri bolýar. Olara «hemra» diýilýär. Ýeriň ýeke-täk hemrasy bar — Aý. Soňky geçirilen barlaglarda Saturn planetasynda ozal mälim bolmadyk 20 sany täze hemranyň üsti açyldy. Şeýlelikde, bu planetanyň hemralarynyň sany 82-ä ýetdi. Mundan ozal 79 sany hemrasy bolan Ýupiter iň köp hemraly planeta hasaplanýardy.
Gunça ADYLBEKOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby.