12-nji setýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr.
Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi. Olar diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«TürkmenGazet».