SliderTehnologiýa

Hytaýdan täze innowasiýa

13-09-2023 / 7

Lu Weýbing «Redmi Note 13 Pro» -ny «täze King-Kong» diýip atlandyryp, täze smartfonyň ilkinji görkezilişiniň şu aýyň ahyryna çenli boljakdygyny aýdýar.

Hytaýyň telekommunikasiýa enjamlaryny sertifikatlaşdyryş merkeziniň (TENAA) binýadynda «Xiaomi» -niň heniz çykarylmadyk «Redmi Note 13 Pro» we «Note 13 Pro+» smartfonlarynyň jikme-jik aýratynlyklary barada «shiftdelete.net» saýty habar berýär. Täze smartfonlaryň häsiýetnamalary köp babatda meňzeş bolar: 144 Gs şekil täzeleniş tizligi bolan 1,5K durulykly (2712×1220 piksel) 6,7 dýuýmlyk OLED displeýleri bilen üpjün edilerler.

Enjamlaryň goşmaça ýady 128 GB-dan 1 TB çenli sygym mümkinçiligi bilen hödürlener. «Redmi Note 13 Pro-nyň» operatiw ýady 6-dan 16 GB aralygynda, uly nusgasynyňky bolsa 8 GB-dan 18 GB-a çenli bolar.

Azat MAŞRYKOW,
TOHI-niň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu