«Knife.media» -nyň habar bermegine görä, Çernogoriýanyň etno obasynda 11-nji gezek ýaltalyk ýaryşy geçirilýär. Ýaltalyk düzgünler gaty ýönekeý bolup, onda ýatmak bolýar, ýöne aýak üstünde durmak ýa-da oturmaga hiç-hili rugsat berilmeýär.
Bäsleşigiň dowam edýän şu günlerinde täze rekord goýuldy. Maglumatlara görä, bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijisi bary-ýogy 117 sagatlap ýatmagy başarypdy. Bu gezek gatnaşyjylar sagat sanyny 463-e ýetirmegi başardylar.
Bäsleşigiň dowamynda guramaçylar olara nahar iýmäge kömek edýärler. Gatnaşyjylara diňe okamak rugsat berilýär. Her sekiz sagatdan turup, hajathana gitmek üçin bary-ýogy 10 minut wagt berilýär. Şondan başga, durmaga ýa-da oturmaga asla rugsat berilmeýär.
Häzirki wagtda 21 gatnaşyjydan diňe 7-si galdy, ýöne geçen ýylky rekordyň birnäçe gezek üýtgejekdigi belli. Bäsleşik ilkibaşda çernogoriýalylaryň ýalta halkdygy baradaky meşhur stereotipiň üstünden gülmek üçin döredilen. Indi gatnaşyjylar täze rekordlary goýup, munuň şeýledigini her ýyl subut edýärler. Ýeňijä 100 müň ýewrodan gowrak pul baýragy gowşurylar.
Gülşeker BABAJANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 2-nji ýyl talyby.