Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we halkara gatnaşyklary hem barha ösdürilýär. Bu babatda ulag-logistikanyň ösdürilmegi, söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi we halkara gümrük işiniň döwrebaplaşdyrylmagy hem bellärlikli mysaldyr.
Golaýda Mary welaýat gümrükhanasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlik durmuşa geçirilmegine hem-de gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi.
Bu okuw maslahatynaTürkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.
«Gümrük kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi we onuň daşary söwdany ösdürmekdäki ähmiýeti» atly okuw-maslahatynyň barşynda edilen çykyşlarda bu ugurda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler, şeýle-de gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, kanunçylygyň kämilleşdirmegi bilen, hususy telekeçiler tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde ileri tutma we beýleki göz öňünde tutulan ýeňillikli şertler barada bellenildi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylara Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmagyň halkara söwdany ösdürmekdäki ähmiýetini beýan edýän şekilli görnüşleriň hem synlamaga hödürlenmegi çäräniň guramaçylyk we usulyýet taýdan işjeňligini artdyrdy we edilen çykyşlaryň üstüni ýetirdi.
Bu ýerde edilen çykyşlarda Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramaga, Diýarymyzyň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyza hem-de Milli Liderimize alkyşlar beýan edildi.
Bu çäre gümrük gullukçylarynyň, degişli hünärmenleriň we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hünär taýdan kämilleşmeginde we maglumat gorunyň üstüni ýetirmekde, sazlaşykly işleriň netijeliligini we hil-mazmun taýdan ýokary derejesini gazanmakda oňyn ähmiýetlidir.
Geldimyrat HEKIMOW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.