«Animaccord» studiýasynyň metbugat gullugy «Maşa we Aýy» animasion serialynyň ýedinji möwsümi «YouTube» -da çykdy diýip, habar berýär.
Häzirki wagtda multserialyň ilkinji bölümlerini onlaýn görnüşde synlap bilrsiňiz. Ýedinji möwsümiň sýužeti tokaýyň çäginden daşyna çykyp, bu bölümde gahrymanlar şähere baryp görerler. Mundan başga-da, aýynyň öýünde şäher ýaşaýjylary hem myhmançylykda bolar.
«Animaccord» studiýasynyň rus animasion taslamasy halkara tomaşaçylaryň arasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin iň isleg bildirilýän taslamasy diýlip ykrar edildi. Animasion serial dünýäde «YouTube» -da iň köp tomaşa edilýän animasion film bolmagyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda umumy tomaşa edenleriň sany 147 milliarddan geçip, 45-den gowrak dile terjime edilip daşary ýurtlarda görkezilýär.
Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.