Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi resmi taýdan açyldy. Bu barada «news.un.org» habar berýär. Bir ýyl dowam etjek mejlisiň gün tertibinde esasy halkara meseleleri we gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş we ösüp gelýän ýurtlaryň karz meselesini ýeňip geçmek ýaly meseleler bolar.
Baş Assambleýanyň esasy wakasy 19-25-nji sentýabr aralygynda geçiriljek ýokary derejeli hepdelik bolar. Oňa dünýäniň dürli künjeklerinden ýurt Baştutanlary we daşary işler ministrleri gelip, özleriniň halkara ýagdaýyna bolan garaýyşlaryny mälim ederler we ählumumy kynçylyklara garşy göreşiň ugurlaryny teklip ederler.
«TürkmenGazet».