
Şweýsariýada baýyrlyk ýerde gurlan ýerasty jaýlar landşaft bilen häzirki zaman binagärliginiň sazlaşygynyň önümi bolup, oňa başgaça «Peter Weçiň jaýlary» hem diýilýär. 90 sany ýerasty jaý belli şweýsar arhitektory Peter Weçiň taslamalary esasynda gurlandyr.
Jaýlaryň diňe öň tarapy açyk bolup, üsti toprak we ösümlikler bilen örtülendir. Ýokarsynda dury bolmadyk aýnadan penjire goýlup, aşagynda-da awtoduralga hem ýerleşýär. Agaç işleri berk dub agajyndan edilendir. Olar sowukdan, yssydan we ýel-ýagmyrdan goraýar.
Hünärmenler jaýlaryň ekologiýa taýdan amatlydygyny bellemek bilen, energiýany netijeli peýdalanmakda hem ähmiýetiniň bardygyny aýdýarlar.
Aýnur SOPYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.