SliderTehnologiýa

Ýagtylygy rekord derejede bolar

11-09-2023 / 7

«SamMobile» neşiriniň habar bermegine görä, Günorta Koreýanyň «Samsung» korporasiýasy öňdäki paneliniň ýagtylygy rekord derejede bolan smartfon taýýarlaýar. «Samsung»-yň nobatdaky flagmanynyň ekranyň ýagtylygynyň azyndan 2200 nit bolar. Ýöne bu enjamyň «Galaxy S24 Ultra» bolmagy hem gaty ahmal.

Şeýle görkezijide iň ösen smartfonlaryň biri bolan – «iPhone 14 Pro Max» bolup, onuň iň ýokary ýagtylygy 2000 nit bolan paneli bar. «Oppo Find X6 Pro» -nyň ekranyň ýagtylygy belli bir ýagdaýlarda 2500 nit derejä ýetip biler.

«SamMobile»-iň hünärmenleri «Samsung»-yň  öz smartfonlarynda OLED-paneliniň täze neslini ýerleşdirip biljekdigini bellediler. «Samsung Galaxy S24 Ultra» modeliniň 2024-nji ýylyň başynda çykmagyna garaşylýar.

Ogulnabat KEBELIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu