9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, halypa ýazyjy-şahyrlar, artistler, aýdymçy-sazandalar, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň hünärmenleri, gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň döredijilik işgärleri, şeýle-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Ýokary işjeňlige, ruhubelentlige beslenen dabara Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň ýaşlaryna geçen umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«TürkmenGazet».