Siziň üçin...Slider

Iň gymmatly pişik

10-09-2023 / 8

Adamzat asyrlaryň dowamynda tebigatdan yzygiderli peýdalanyp, onuň önümlerini öz islegine görä üýtgedip gelipdir. Seçgiçilik ylmynyň ösmegi netijesinde janly bedenleriň iň gowy görnüşlerini we tohumlaryny döretmegi başarypdyr. Sawanna pişiginiň döredilmegi seçgiçilikde hünärmenler tarapyndan gazanylan oňyn netijeleriň biri hasaplanylýar.

Sawanna pişigi owadan we mylaýym häsiýetli öý pişigini almak maksady bilen ýabany afrikan serwal pişiginiň we öý pişiginiň (bengal pişigi) özara çaknyşdyrylmagy netijesinde döredilýär. Bu pişigiň süýnmek bedeni iri bolup, onuň boýy 60 santimetre, agramy 15 kilograma çenli ýetýär. Penjeleri uzyn, boýny uzalan görnüşlidir. Bedeniniň garamtyl tegmilli, goňur we altynsow reňkli tüý örtügi gür ýerleşendir. Pişikleriň beýleki tohumlaryna garanda, sawanna pişiginiň aňlaýyş ukyby has ösendir. Berk bedeni owadan bolup, alajagaplaňy ýada salýar. Sawanna pişiginiň aýaklary uzyn, gözleri iri we tegelekdir.

Häzirki wagtda seçgiçiler sawanna pişiklerini özaralarynda çaknyşdyrmak arkaly arassa tohum almak ugrunda işleýärler. Resmi taýdan bu tohum 2001-nji ýylda hasaba alynýar. 2015-nji ýylda sawanna pişigi dünýä boýunça «iň gymmatly pişik» diýlip yglan edildi.

Sawanna pişigi örän ýuwaş, islendik şertlerde ýaşamaga aňsat uýgunlaşýar. Ol suwdan gorkmaýar, arassa howada uzak gezmäni halaýar. Olar eýesine wepalylykda itlerden pes durmaýar.

Batyr DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu