SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Elbukjam — hünär bukjam

08-09-2023 / 19

Türkmen gelin-gyzlaryna ýaşlygyndan başlap, biçim-tikim öwredilýär. Şol el işleriniň biri hem elbukjadyr. Gelin-gyzlar elbukjany özlerine mahsus serişdelerini goýmak üçin ulanýarlar.

Ene-mamalarymyz mahmal, begres, alaça, keteni ýaly dürli matalardan we owadan ýüpek parçalardan elbukja taýýarlapdyrlar. Elbukjany gurama gurap, gyýkyndy matalardan hem tikýärler. Her dürli matalaryň gyýkyndyklaryny gyrkyp, rejeläp, haýsy hem bolsa bir nagşa meňzedýärler. Ol nagyşlary „älem“, „güneş“, „durnahatar“, „tärimgözenek“ ýaly atlandyrýarlar. Asman giňişligi, tebigat gözelligi bilen baglanyşykly bolan gurama nagyşlar taýýar bolansoň, ondan elbukja taýýarlanýar.

Ýaş gyzlaryň işine ykjam, eli çeper, zähmetsöýer, päkize bolmagynda elbukjalaryň täsiri uludyr. Edep-ekramly şeýle gyzlar ýaşlygyndan başlap zähmet bilen bişişýärler, el işlerine çeper bolýarlar. Ene-mamalarymyz gyzlaryň tikýän işleriniň nepis, päkize bolmagyny ündäpdirler. Olar öýüň işleri bilen gümra bolanlarynda bolsa, el işlerini dessine elbukjasyna salyp goýmagy tabşyrypdyrlar. Öwüt-ündewlerden gulagy ganyp ulalan gyz maşgala gelin bolup baran öýünde hem şu tertip-düzgüni dowam etdiripdir. Gyzlar ümä çagyrylsa hem elbukjaly barypdyrlar. Durmuşa çykýan gyzyň sepini çatmak, ýetişmedik el işlerine kömekleşmek üçin iňňe, ýüwse ýaly gerekli zatlar hem elbukjalarda saklanýar.

Ene-mamalarymyz: „Elbukjam — hünär bukjam“ diýipdirler. Ajaýyp hünärli, eli çeper gelin-gyzlarymyzyň nepis sungatlarynyň biri bolan elbukjalar gyz-gelinleriň kesp-kärliliginiň, hünärliliginiň, zähmetsöýerliginiň, çeperliginiň hem kepilidir. Milli mirasymyzyň döwrebap many-mazmuny bilen utgaşýan elbukjalar türkmen gelin-gyzlarynyň hünär bukjasydyr.

Çemengül ÖWLÝAKULYÝEWA,
Saýat etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu