6 – 8-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň, Gansu welaýatynyň, Dunhuang şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak ýerli we daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Türkmenistan döwletimiziden hem 10 adam gatnaşdy.
Çäre Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet teleradioýaýlymlar müdirligi, Hytaýyň Halkara söwdany ösdürmek boýunça komiteti we Gansu welaýatynyň häkimligi tarapyndan guraldy.
Gansuda geçirilen halkara sergide çeper we medeni-syýahatçylyk önümleriniň görkezilmegine bagyşlanan sergileri guramakda we geçirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine esasy orun degişli boldy.
Hytaýly sergi muşdaklary bu sergide türkmeniň milli miraslary bolan – türkmen halylary, şaý-sepleri, eşikleri, gap-çanaklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem olar ýurdumyzyň döwrebap binalarynyň ajaýyp suratlaryna syn etdiler we öz hoşallyklaryny aýtdylar.
VI halkara medeni EKSPO sergisiniň dowamynda forumlar, gözden geçiriş çäreleri we çeperçilik çykyşlar boldy. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň has-da kämilleşip, senagat taýdan ösen, möhüm önümçilik kuwwatlyklaryna eýe bolan köpugurly ykdysadyýet derejesine göterilýändiginiň subutnamasydyr.
Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.