Gün ulgamyndaky ähli planetalar we beýleki asman jisimleri millionlarça ýyldan bäri şol bir orbitada — hemişeki geçýän ýoly bilen aýlanýar. Asman jisimleriniň sekunt derejesinde hem ýalňyşman, bu takyk hereketi alymlary köp ýyllardan bäri gyzyklandyrýar. Planetalaryň köpüsiniň dürli ululykdaky meteoridlerden, gazdyr bulutdan emele gelendigine garamazdan, şol bir orbitada aýlanmagy has hem haýran galdyryjy ýagdaýdyr.
Planetalaryň ählisi Günüň daşyndan tes-tegelek aýlaw etmän, ekliptika, ýagny çalarak süýnmek görnüşinde hereket edýär. Şeýlelikde, planetalaryň Gün bilen aralygy belli wagtlarda üýtgäp durýar. Günüň emele getirýän magnit meýdany olary özünden uzaklaşdyrman, belli aralykda saklaýar. Aýlaw edýän planetalaryň orbitasy hiç haçan üýtgemeýär. Güne iň golaý ýerleşýän Merkuriden iň uzakdaky Neptuna çenli ähli planetalar bir-biriniň golaýyndan geçende ýoluny üýtgetmeýär.
Günüň magnit meýdanynyň nähilidigini bilmek üçin kiçijek synag geçirip bilersiňiz! Munuň üçin ýüpüň ujuna agyr bir zady baglaň. Soňra ýüpüň ujundan tutup, aýlaň. Aýlanan wagty ýüpüň dartylandygyny görersiňiz. Emele gelen dartyş agyr jisimi merkeze tarap hereket etdirýär. Ýüpi goýbersek, onuň ujundaky daş göni hereket eder. Günüň asman jisimlerinden millionlarça uly bolan massasy ähli planetalary özüne çekýär. Eger Gün ýok bolsa, töweregindäki ähli asman jisimleri hereketlerini göni ýagdaýda dowam etdirerdiler. Gysgaça aýdylanda, her bir planeta massasy özünden has uly bolan Günüň (ýyldyzyň) daşyndan aýlanýar.
Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.