Siziň üçin...Slider

Çygly süpürgiçleriň taryhy

06-09-2023 / 3

Gündelik durmuşymyza giňden ornaşan zatlaryň biri hem çygly süpürgiçlerdir. Çygly süpürgiçler geçen asyryň 70-nji ýyllarynda öndürilip başlanyp, olar ilkibaşda çagalara niýetlenilipdir. Ilkinji çygly süpürgiçler häzirki ýagdaýlaryndan düýpli tapawutlanypdyrlar. Olar sellýulozadan taýýarlanan bolup, antibakterial (bakterisid) garyndylara ezilendirler. Emma birnäçe ýylyň dowamynda olar sellýuloza derek sintetiki süýümlerden taýýarlanylyp başlanypdyr.

Çygly süpürgiçler maksady taýdan dürli-dürli bolup, olar şahsy arassaçylyk, kosmetologiýa, lukmançylyk maksatly, öý-hojalyk enjamlaryna, hatda öý haýwanlaryna niýetlenen görnüşleri-de bardyr. Olaryň ählisiniň ulanylyş aýratynlyklary bolup, çygly süpürgiçlerden peýdalanmak dünýäde barha giň gerime eýe bolýar. Hasaplamalara görä, käbir ýurtlarda bir adamyň ýylyň dowamynda ulanýan çygly süpürgiçleri özünde 80 bölekden artyk süpürgiçleri jemleýän 14 guta çenli barýar.

Çygly süpürgiçler gutusynda saklanýan mukdary babatda 3 görnüşe eýe bolup, olar jübi süpürgiçleri, ýol süpürgiçleri we öýde ulanylýan süpürgiçlerdir. Jübi süpürgiçleriniň içinde, adatça, 10-20 bölek, ýola gidilende göterilýän süpürgiçlerde 20-30 sany, öýde ulanylýan süpürgiçlerde bolsa, 50-den 120-ä çenli aralykda çygly süpürgiçler saklanýar.

Arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, gündelik ulanýan zatlarymyzy arassalap durmak zerurlyklary çygly süpürgiçlere bolan islegi barha ýokarlandyrýar.

Arslan MIRABOW,
TOHI-niň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu