Göwün küýsegiSlider

Güýz heňleri

06-09-2023 / 30

Saba säher reñki solan kuýaşy,
Oýandyryp ejem girişdi işe.
Agras güýzüñ tylla reñkli görnüşin,
Terk etmäge ideýän dek serişde.

Bir naşyja serhoş bolan aýazy,
Tamdyr ýakyp gyzdyraýjak mysaly.
Çañalaklar janyn berýär içinde,
Göýä hasyl etmek üçin wysaly.

Solgun reñkli çabyt geýnen güneşe,
Gör-ä, ejemjanyñ gelipdir haýpy.
Tamdyrdan çykarlan myssyk nanlaryñ,
Bäs edýärler arş güneşne her haýsy.

Ejemjanyñ güne ogşan nanlary,
Güýzi yssy bilen ýylatjak bolýar.
Çagalaryñ tomusdaky dynç alşyn,
Üç aý däl-de, göýä ýyl etjek bolýar.

Tomus daşda üşäp ýörmäýin diýip,
Ýorganyna giren eken bir eýýäm.
Alyslara uçup gitjek guşlaram,
Güýz çiñrigin habar berip ýör hemmä…

***

GÜÝZDE

Ýüzlerini gamaşdyryp akmaşlar,
Gizlejek bolanok çürüşen ýüzün.
Ýeke tut hem gamgyn otyr bir geñsi,
Göýä çekýän ýaly dünýäñ bar keşgin.

Atyp mele toprak agrar çäkmenin,
Dynç alyşa gitjek bolýar bir möwsüm.
Güýz gizläpdir gujagynda bir eýýäm,
Jokrama yssysyn şadyýan tomsuñ.

Başy alnan desse boýly jöwenden,
Dakynypdyr malýataklar gupbasyn.
Çarwa goja aladasyn edipdir,
Gyljyn syryp geljek garly hupbatyñ.

Sowaşdyrýar aşygyny magşukdan,
Täsin görki gelinbarmak üzümiñ.
Ýeser şemal kejerligin güýjedip,
Şol entäp ýör ýodasynda güýzümiñ.

Enem bolsa hasasyny irkizip,
Süzüp otyr süýtli gara çaýyny.
Goja ýerde dowam edýän güýzlerden,
Alyp galyp garrylygyñ paýyny.

***

ENE ÝER

Ekleýärsiñ müñläp-müñläp zürýadyñ,
Bu ne gudrat bal önüp dur göwsüñden.
Indi kada boldy ata Watanda,
Harman-harman hasyl her bir möwsümde.

Güýz gujagna başyn goýan  ene ýer,
Eçilip dur bu zemine sahawat.
Bir däneden müñün joşan topraga,
Erjellikden gaýry ýokdur sahawat.

Bir tarapda bag-bakjalar zyýada,
Ygşyldaýar bir tarapda ak altyn.
Babadaýhan toprak bilen badaşyp,
Tapýar ene ýerden tükenmez bagtyn.

Gün şöhlesniñ başyn aýlan miweler,
Güjeñleýär aşyga ak alkymyn.
Eý ene ýer, neneñ sahy ekeniñ,
Päk zähmeti hemem dana halkymyñ.

Güýz sergini buşluk berip herýana,
Paýlap otyr ene ýeriñ hasylyn.
Ballar önüp nepesinden dünýäniñ,
Goşant goşýar sungatyna pasylyñ.

Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu