Kömelegiň beýleki ösümliklerden tapawutlylykda tohumy bolmaýar. Aslynda, olar ösümlik hem hasaplanmaýar. Kömelekleriň köki, baldagy, ýapragy, güli, miwesi hem bolmaýar. Şol sebäpli janly organizmiň bu görnüşi haýwanlardan we ösümliklerden tapawutly bolup, kömelekleri öwrenýän ylma mikologiýa diýilýär.
Kömelekler sporalar arkaly köpelýär. Kömelegiň sporasy onuň telpejiginde bolýar. Şeýle-de bolsa kömelekleriň köp görnüşi ýeriň aşagyndan bir-birleri bilen baglanyşykly bolýar.
Tebigatda 50 müňden gowrak görnüşi bolan kömelekleriň iýmek üçin ýaramly görnüşleri ir baharda ýagşyň köp ýagýan döwründe peýda bolýar.
Kömelekleriň zäherli görnüşleri hem bolup, olary iýmek howpludyr. Şol sebäpli diňe muny bilýän adamlaryň çöplän kömelekleri iýilmeli.
Tohumly ösümlikleriň tohumlaryny iýen guşlar we beýleki janly-jandarlar olaryň has uzakda ýetişmegine sebäp bolýarlar. Kömelekleriň tohumy bolmansoň, tohumyny ýaýratmak üçin suwdan peýdalanýar. Kömelegiň sporalary ýetişenden soňra onuň düzüminden suw bölünip çykýar. Çykan suw kömelegi sowadýar. Salkyn howa ýyly howadan dykyz bolansoň, sporalary 10 santimetr çemesi uzaga äkidýär.
Tropik tokaýlarda kömelekler garynjalara ýapyşýar. Garynjalar bolsa kömelekleriň sporalaryny olaryň köpelmegi üçin iň amatly ýerine äkidýär.
Ýurdumyzyň dag eteklerindäki baýyrlyk meýdanlarda bitýän, ýerden çala güberilip çykýan domalanlar hem kömelegiň bir görnüşi hasaplanýar.
Günhan SOPYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.