Käbir adamlar ak bazarlardan aý-da dükanlardan satyn alan ýumurtgalaryny ýuwmagy özlerine makul bilýärler. Hünärmenler bolsa, ýumurtgany ýuwmagyň dogry däldigini aýdýarlar. Eýsem, näme üçin ýumurtga ýuwulmaly däl?!
Ýumurtganyň gabygy, minerallardan, keratinden we suwdan 20-30 mikron galyňdyr. Ýumurtganyň gabygynda takmynan 7500 sany gözenek bolup, şol bir wagtyň özünde bu gabykda görünmeýän kesikul gorag gatlagy hem bardyr. Bu gatlak mikroorganizmleriň gözeneklerden geçmeginiň öňüni alýar.
Gabygyndaky bakteriýalardan ýa-da hapalardan dynmak üçin ýumurtgalary ýuwýarys. Şeýle-de bolsa, bu ýuwmak prosesi ýumurtganyň goraýjy daşky gatlagyna zeper ýetirip, daşky gatlagyň könelmegine we ýuka bolmagyna, ýüňüň ösmegine sebäp bolup, bakteriýalaryň geçmegini has-da aňsatlaşdyrýar.
Ýumurtgalary nädip saklamaly?
Ýumurtgalaryňyzy ýuwmazdan karton ýa-da plastik gutuda saklamak has dogry usul hasaplanýar. Şeýlelik bilen, gutuda 0-5 dereje saklaýan ýumurtgalaryňyzy ýagtylykdan we beýleki yslardan goraýarsyňyz. Şol bir wagtyň özünde-de, ýumurtgalarda tapylan salmonella bakteriýalarynyň beýleki iýmitlere we içgilere geçmeginiň öňüni alarsyňyz!
Käkilik GALPAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.