1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasynyň ýaşaýjylary Arkadagly Serdarymyzdan täze 681 orunlyk mekdebi sowgat aldylar.
Täze mekdepde bilim aljak okuwçylar, işlejek mugallymlar üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýokary hil derejesinde bina edilen mekdepde dünýäniň iň ösen innowasion tehnologiýalaryň üpjün edilmegi geçilýän sapaklaryň has-da täsirli bolmagyna ýardam berer hem-de berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagyna oňaýly täsir eder.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, tebigy bilimler üçin barlaghanalar, içerki we daşarky sport meýdançalary, saz gurallar bilen üpjün edilen aýdym-saz otaglary, oglanlar we gyzlar üçin zähmet otaglary bu ýere gelenlerde uly buýsanç döretýär. Mekdep kitaphanasy diňe okuw kitaplary bilen çäklenmän, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplara-da uly orun berildi. Mugallymlaryň oňaýly işlemekleri üçin döredilen usuly otaglarda hem ähli şertler döredilendir.
Täze mekdebiň açylmagy bilen bu ýerde onlarça iş orunlary döredi. Zähmet çekjek mugallymlaryň aglabasynyň hem halypa mugallymlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň bolmagy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar hakynda aladanyň ýokarydygyny aýdyň subutnamasydyr.
Ähli oba ilatynyň täze mekdep üçin hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir. Çünki olar şeýle owadan ajaýyp mekdepde bilim almagyň, zähmet çekmegiň bagtdygyna düşünýärler.
Rahmanguly ÝAZHANOW,
Bilim we ylym işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.