Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy

01-09-2023 / 3

1-nji sentýabrda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we şeýlelikde, täze desga açyldy. Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girdi hem-de Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi.

Akademiýanyň düzüminde iki fakultet: döwlet dolandyryş fakulteti hem-de hünär ýokarlandyryş fakulteti hereket edýär. Bu ýerde 7 kafedra: Döwlet we halkara hukugy, raýat hukugy, ykdysadyýet we maliýe, menejment, sanly ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary, jemgyýeti öwreniş ylymlary, daşary ýurt dilleri kafedralary işleýär. Birnäçe ugurlar boýunça okuwlar magistraturada amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda döredilen bu Akademiýa şu ýyl özüniň 15 ýyllygyny belleýär. 

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu