30-njy awgustdan 31-nji awgusta geçilýän gije seýrek astronomiki hadysa bolan Dolan Aýy synlamak üçin ajaýyp gün. Aý dolmasy Aýyň Ýeriň daşyndan ellips görnüşinde aýlanmagy sebäpli ýüze çykýan astronomiki hadysadyr. Belli bir pursatda Aý Ýere iň ýakyn nokatda ýerleşýär, oňa perigeý diýilýär. Maglumatlara görä, şol halatda Aý, adaty wagtdakysyna garanyňdan, 14% uly we 30% ýagty görünýär.
Perigeýden Aýa çenli aralyk 357,181 kilometrdir. Şeýlelik-de, 31-nji awgustda boljak Aý dolmasyny ýylyň iň uly Dolan Aýy diýlip atlandyrylar.
«TürkmenGazet».