Habarlar

Hindi kosmos gämisi Aýdan täze maglumatlary iberdi

28-08-2023 / 3

Hindistanyň «Wikram» kosmiki apparaty Aýdan ilkinji maglumatlary iberdi: Ýeriň tebigy hemrasynyň topragy garaşylýandan has ýyly bolup çykdy. Bu barada «Press Trust of India» ýazýar.

Hindi kosmos gullugynyň uly alymy Bi Darukesh Aý topragynyň ýokarky gatlagynyň temperaturasynyň Aýyň üstündäki ýylylyk häsiýetine düşünmek üçin ýerüsti termofizika synagynyň bir bölegi hökmünde ölçelendigini aýtdy. Ol: «Biziň hemmämiz ýerüsti temperatura 20-30 gradus bolar öýdüpdik, ýöne 70 dereje boldy. Bu garaşyşymyzdan has ýokary» diýdi.

23-nji awgustda Hindistanyň «Wikram» kosmiki gämisiniň Aýyň ýüzüne üstünlikli gonandygyny bellemek gerek. Enjam rentgen alfa-bölejik spektrometri we lazer bilen dolandyrylýan spektroskop bilen enjamlaşdyrylandyr. Taryhda ilkinji gezek hindi missiýasy Ýeriň tebigy hemrasynyň az öwrenilen günorta polýusynyň golaýyna gonmagy başardy. Alymlaryň pikiriçe, bu sebitde uly buz suwlary we gymmatly elementler bolup biler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu