24-nji awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda ukrain kinosynyň hepdeligi öz işine başlady. 31-nji awgusta çenli dowam etjek medeni çärede ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin dostlukly Ukrainada surata düşürilen çeper we dokumental filmleriň görkezilişleri bolýar.
2020-nji ýylyň önümi bolan, Alekseý Guzuň režissýorlygyndaky «Toý mirasy» filmi hepdeligiň dowamynda görkezilmegi göz öňünde tutulýan kino eserleriniň ilkinjisi boldy. Ukrainanyň dürli sebitlerindäki köpöwüşginli toý däp-dessurlaryny açyp görkezýän dokumental film tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, kino hepdeliginde başga-da birnäçe saýlama ukrain filmlerine uly orun berilýär. Hususan-da, olaryň arasynda režissýor Anatoliý Mateşko tarapyndan 2019-njy ýylda surata düşürilen, adam bilen itiň wepaly dostlugyndan söz açýan «Fokster we Maks» atly film aýratyn meşhurlyga eýedir. Medeni maksatnama laýyklykda, Semýon Gorowyň režissýorlygynda 2018-nji ýylda surata düşürilen «Keramatly Nikolaýyň başdangeçirmeleri» atly maşgala komediýasy-da öz tomaşaçylaryna garaşýar.
Kino hepdeligi dowam edýär.
«TürkmenGazet».