Aýdym-saz adamyň göwün syrdaşy, köňül küýsegi. Onsuz bu durmuşy göz öňüne getirmek mümkin däl. «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlişi ýaly, aýdym-sazyň bar ýerinde şatlyk-şowhun bar, döwletlilik bar. Keremli türkmen topragy sungat ýolunda meşhurlyk gazanan uly-uly şahsyýetleri, şol san-da bagşy-sazandarlary we ozanlary kemala getirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen parasatly sözleri bu ugurda uly tagallalary eden sungat ussatlarymyza, bagşylarymyza bolan belent buýsanjyň beýanydyr. Bu dürdäne sözler kalbyma dolanda Balkan welaýatynyň Esenguly, Etrek etraplarynda ýaşap geçen Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulow, Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Wary Aýjanow ýaly ýurdumyzda ady belli ussat bagşylarymyz göz öňümde janlanýar. Olar aýdymyň «Çopan ýoly» diýip atlandyrylýan ýomut-gökleň ýolunda aýdym-saz sungatynda biri-birine düzülen zynjyr bolup durýar.
Ykbalyň ynsana eçilen tebigy baýlygy onuň zehinidir. Tebigy zehinden paýly bagşylar tutumly toýdur baýramlarda, telewideniýede we radioda ýürekden çykýan aýdymlary bilen halkyň göwün guşuny ganatlandyryp, olaryň kalbyna ýol salýarlar. Şirinden-şirin aýdymlary ynsana ruhy güýç berýär. Bu gezek ömrüni bagşyçylyk ýolunda «Çopan ýoly» diýen özboluşly ýol-ýörelgäni ilkinji bolup estrada görnüşine geçiren zehinli bagşylarymyzyň biri, Türkmenistanyň halk artisti Rejepguly Kerimow hakynda gysgaça gürrüň etmegi makul bildik.
Halypa bagşymyz Rejepguly Kerimow 1955-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky Garadegiş obasynda dünýä inýär. Heniz oba mekdebinde okaýan döwründe aýdym-saza imrinip ugraýar. Mekdepde geçirilýän dürli medeni çärelere yzygiderli gatnaşýar. Öz döwründe ürç edilip aýdylýan «Ýazlarym bar», «Etrek», «Bahar nagmalary», «Mekdebim» ýaly aýdymlary öwrenip başlaýar. Ýaşajyk aýdymçynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny duýan etrabyň halypa bagşylary, oňa aýdym aýtmagyň dürli tilsimlerini öwredip onuň zehininiň açylmagy ugrunda aladalanýarlar.
Meşhur bagşylar Türkmenistanyň halk bagşysy Nurberdi Gulowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Wary Aýjanowyň we Aşyr Gurbanowyň aýdýan aýdymlaryndan kemsiz gulagy ganan ýaşajyk Rejepguly, olary özüne halypa tutunýar.
Aýdyma bolan çyn höwesi ony Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna alyp barýar. Bu ylym ojagy onuň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Ol tehnikumyň orkestr bölüminde okap, halypa mugallymlardan aýdym-aýtmagyň, saz çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. Okuwyny tamamlandan soň, oba medeniýet öýünde zähmet ýoluna başlap, türkmen halk aýdymlaryny estrada geçirmek bilen özüniň döredijilik örüsini giňeldýär.
Çekýän irginsiz zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň ezber aýdymçylarynyň hataryna goşulyp, ençeme gezek şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. 1990-njy ýylda «Ala gaýyşly» ady bilen estrada aýdymçylaryň arasynda yglan edilen bäsleşikde özüniň ussatlygyny görkezip, döwlet derejesinde ýeňiji bolmagy başarýar. 1993-nji ýylda «Ýaňlan Diýarym!» bäsleşiginiň ýeňijisi, 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2000-nji ýylda bolsa estrada sungatyny ösdürmekde we halka ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin «Gaýrat» medalyna mynasyp bolýar.
Ýeňişlerden ruhlanan Rejepguly şondan soň has önjeýli işläp radioda, telewideniýede ençeme aýdymlaryny ýazga geçirýär. Welaýatlarda özüniň konsertlerini guramak bilen halka hyzmat edýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmetini nazara alyp, şeýle hem ata Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşup, at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgisine, sylag hormatyna mynasyp bolup, 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň Halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.
Halypa Rejepguly Kerimow sungat ýolunda ykrar edilip, halkyň söýgisine eýe bolmagynda, elbetde, Nurgözel Gozlyýewanyň hem zähmetiniň uludygyny bellemek has ýerlikli bolar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurgözel Gozlyýewanyň halypa bagşynyň ençeme aýdymlarynyň awtorydyr.
Rejepguly Kerimowyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren halk arasynda giňden ýaýrap diňlenýän aýdymlarynyň aglabasy, esasanam: «Agaň bolaýyn», «Segsen bäşimde», «Bibiniň», «Ýandyrdyň Bibi», «Döwran Bibi», «Joşar Bibi», «Taganbibi», «Sonam geldimi», «Ataň dälmi», «Sen ýetir», «Balamy», «Ejeň dälmi», «Ejem bolsa ýanymda», «Bäri gel, bäri», «Sen bolmasaň ýanymda», «Ogulbeg», «Agaň Abdylla», «Balkan dagynda», «Owadan gelin», «Toýa gelipdir», «Köşginde», «Hemra bolsun» ýaly ýerine ýetiren aýdymlar häzirki wagtda hem halk köpçüligi tarapyndan söýlüp diňlenilýändir.
Halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etmeginde we özgermegi ugrunda alada eden halypa, häzirki wagta öz perzentleri Amangül Kerimowa, Kerim Kerimow, Atamyrat Kerimow dagylary hem estrada ýoluny dowam edýändiklerini bellemeli. Şeýle hem, Rejepguly halypa öz çagalaryndan başga-da, Dörtguly Kerimow we Seýtguly Tülegenow ýaly ýaş aýdymçylarymyza hem halypalyk edendir.
Gysga ömrüni aýdym-saza bagyş eden, guýma gursak zehinli, şahandazlygy bilen köpe özüni aldyran belent owazly, mylaýym sesli, türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine uly goşant goşan Rejepguly Kerimow baradaky ýakymly ýatlamalar, ussatlaryň owazly aýdymlary bu toprakda hemişe ýaňlanar.
Wepa TUWAKJANOW,
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň Önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy, TMÝG-niň işjeň agzasy.