
Sokotra adasy Hind ummanynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsine eýedir. Bu künjegiň özboluşly tebigaty başga saýýara düşen ýaly duýgy döredýär. Adanyň gündogar we merkezi böleginde belent dag ulgamlary howalanýar. Sokotra adasynyň 6 million ýyl mundan ozal Afrika yklymyndan bölünip aýrylandygy hakynda maglumatlar bar. Bu hadysa künjekdäki ösümlikleriň we janly-jandarlaryň iň gadymy görnüşleriniň ýitmän saklanmagyna getirýär. Adada ösümlikleriň 800-e golaý görnüşi bolup, olar Ýer şarynyň iň gadymy ösümlikleri hasaplanýar. Şolaryň biri hem aždarha agajydyr. Agaçdan akýan şepbik gyzgylt-al öwsüp, lukmançylykda we kosmetologiýada giňden ulanylýar. Bu agaç diňe bir şepbigi bilen däl, eýsem, pürsüniň we şahalarynyň özboluşly görnüşi bilen hem tapawutlanýar. Olar daşky görnüşi babatda ymgyr çölüň ortasynda ösüp oturan äpet kömelege meňzeýär.
«TürkmenGazet».