TDH-da habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka — Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.
“Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19 — 27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler” diýlip, hatda bellenilýär.
Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çakylygynda Türkmenistanyň Prezidentini we onuň maşgalasyny täze Milli ýeňil atletika merkezinde mübäreklemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bu ýerde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyry geçiriler. Soňra Karmelitleriň ybadathanasynda dabaraly kabul edişlik bolar, şeýle hem Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guralar.
Dostlukly döwletiň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Budapeştde hut özüniň mübäreklemek hormatyna eýe boljakdygyna tüýs ýürekden ynam bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.