TDH-da habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi.
Biz Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýäris, soňky döwürde hyzmatdaşlygymyzyň işjeň häsiýetini aýratyn bellemek isleýärin, bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda nygtalýar.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katalin Nowaga hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbana berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.