17-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahat Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
«TürkmenGazet».