Çagalaryň kitaby söýmegi olaryň özüne-de bagly welin, bu işde ulularyň hem kömegi gerek. Eýsem, perzentlerimiziň, jigilerimiziň kitap bilen ýakyn dost bolmagyna nähili täsirimizi ýetirip bileris. Psihologlar bu meselede käbir maslahatlary berýärler.
— Çagalar ulularyň hereketlerinden köp täsirlenýärler. Şonuň üçin olaryň ýanynda köpräk kitap okaň. Goý, size ökünsinler.
— Uklamazymyzdan ozal çagalara kitap okap beriň! Bu olaryň hyýalynda janlandyrma ukybyny artdyrar.
— Özara gürrüňdeşlikde okalan kitaplardan mysallary getiriň! Goý, okan zatlarynyň durmuşda gereginiň çykýandygyna düşünsinler.
— Gündelik ýöretmegi öwrediň. Her gün nämedir bir zatlary ýazsyn. Çünki okamak bilen ýazmak bir akabadan gaýdan zatlar. Olar biri-birine esasdyr.
— Olaryň isleýän kitaplaryny satyn alyp beriň!
— Çagalar üçin çap edilýän neşirleriň yzygiderli abunaçysy boluň!
— Şahsy kitaphanaňyzdan çagalara peýdalanmaklyga rugsat beriň! Ýöne, elbetde gözegçilik etmek kitaplaryň ýersiz haraplanmagynyň öňüni alar.
— Öýde günüň belli bir wagtynda hemmeler kitap okasa, bu endige çagalar hem goşular.
— Olaryň size okap berýän zatlaryny ünsli diňläň. Goý özleriniň möhüm bir zat okaýandygy barada pikir etsinler.
— Filme, multfilme öwrülen gahrymanlar baradaky kitaplary köpräk okatjak boluň! Yz ýanyndan şol gahryman bilen bagly filme tomaşa edip, kitap bilen deňeşdiriň! Bu olaryň seljerme ukybyny hem ösdürer.
Maral DATOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiň mugallymy.