Sözüň gutaran ýerinde saz başlanýar. Saz ajaýyp eserlerde wasp edilen aňdyr. Onuň täsirliligi sazlaşyga hem-de tebigy ýöntemligine baglydyr. Bu ýolda ömür külterlän sungat ussatlarynyň döreden eserleri halk hakydasynda ýaşaýar. Bu günki günde olaryň her biri hakda uly göwrümli eser ýazybermeli. Biz hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Hanguly Kütiýew hakynda gysgaça gürrüň etmegi makul bildik.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Hanguly Kütiýew 1965-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda dünýä inýär. Ol 1972-nji ýylda öz obasyndaky 2-nji orta mekdebine okuwa barýar. Onuň aýdym-saz mugallymy Soltanbibi Gürgenowa oňa halypalyk maslahatlaryny berip başlaýar. 3-nji 4-nji synplarda okaýan döwründe oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy Baba Nyýazowy Hangulynyň mugallymy Soltanbibi mugallymy ýanyna çagyryp, onuň owadan sesiniň bardygyny aýdyp medeniýet öýüniň «Şatlyk» aýdym-saz toparyna gatnadyp başlaýar. Inçeden labyzly sesli oglanjygyň aýdym aýdyşyny synlan oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy Baba Nyýazow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, oba medeniýet öýüniň höwesjeň bagşysy Satlykgurban Bäbişow dagylar halypalyk edip başlaýarlar. Olary halypa tutunmak bilen halk döredijiliginiň gazal aýtmak, zikir çekmek ýaly sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär. Obalarda, etrap merkezlerinde şeýle hem welaýat merkezlerinde geçirilýän toýdur baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýar. Ol ilkinji gezek «Çalsana bagşy», «Gelmedi» diýen ýaly aýdymlary ýerine ýetirýär. Aýdym aýtmak bilen özüni halk köpçüligine tanadyp ugran ýaş aýdymçynyň örüsi has giňäp başlaýar. Etrap merkezindäki medeniýet öýlerinde yzygiderli çykyş edip, aýdymçy aýdyma bolan ukybyny has taplandyrýar. Mekdepde okaýan döwründe hem halypasy Baba Nyýazowyň maslahaty bilen watanymyzyň ösüşini wasp edýän, şeýle hem liriki aýdymlary aýtmak bilen repertuaryny giňeldýär.
Aýdym-saza höwesjeň Hanguly Kütiýew bilimini artdyrmak üçin 1982-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar» bölümine okuwa girýär. Bu okuw jaýynda halypa mugallymlardan aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenýär. Okuwyndan daşgary boş wagtlary ýurdumyzda adygan bagşy-sazandalaryň ýanyna gatnap olardan tälim alýar. Okuwyny tamamlan aýdymçy ýigit 1986-njy ýylda özüniň dogduk obasy Ajyýap obasyna gelýär. Ol şol ýyldan başlap 1996-njy ýyla çenli oba mekdebinde «Gurnak ýolbaşçysy» bolup işleýär. 1985-1990-njy ýyllarda Esenguly etrabynyň medeniýet bölüminiň baş çeper ýolbaşçysy Güýçgeldi Hawusowyň režissýorlyk etmeginde Ajyýap obasynda «Gojalar» atly ansamblyny döretmeginde şol ýaşulular ansamblynda, birnäçe döwlet çärelerinde «Däli diwananyň» keşbini ýerine ýetirip, küşt depip, gazal aýdyp gezýär. Ol soňra Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýegendurdy Nejepowyň ýanynda kakylyp çalynýan dep saz guralynda sazandarlyk edýär. Birnäçe wagtdan soň ilkinji halypasy Satlykgurban Bäbişow bilen giň aragatnaşykda bolup toý-baýramlarda, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda bilelikde çykyş edýärler. Halkyň sagbolsunyndan ruhlanan Hanguly obamyzdaky höwesjeň ýaşlary toplap, döwrüniň ussat aýdymçysy Annageldi Jumaýew bilen maslahatlaşyp aýdym-saz toparyny döretmekligi meýilleşdirýärler. Obadaky dürli saz gurallaryny çalýan Myratdurdy Garlyýew, Hemze Derýanurow, Gurbandurdy Gurbanberdiýew, Mämmedaly Arazdurdyýew, Pyhamberguly Taýlyýew we öz agasy Esen Kütiýew ýaly sazandalaryň goşulmagynda aýdym-saz toparyny döredýär. Olar türkmen aýdymlaryny estarada geçirmek şeýle hem, häzirki zaman aýdymlaryny döretmegiň üstünde ýadawsyz zähmet çekýärler. 1994-nji ýylda täze döredilen ansambly bilen «Balkan ýyldyzlary» atly ýaş estarada aýdymçylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin «I derejeli Diploma» mynasyp bolýar. Ol «Ýaňlan Diýarym 1995» atly telebäsleşigine gatnaşyp «Garagöz gelin», «Diýarym», «Gülýaly aýa döndi» ýaly aýdymlary ýerine ýetirip welaýat derejesinde ýeňiji bolmagy başarýar. 1996-njy ýylda Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň» eýesi bolýar. Ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň hataryna goşulan Hanguly Kütiýew ýurdymyzda döwlet derejesinde geçirilýän medeni çäreleri yzgiderli gatnaşýar.
Şondan soň has önjeýli işlemek bilen aýdym aýtmagyň daşyndan milli mirasymyz bolan halk döredijiliginiň küştdepdisiniň zikirini, gazallaryny aýratyn heňler bilen aýtmagy onuň abraýyny arşa göterýär. Ol zikir çekip, gazal aýtmak bilen döwlet derejesinde geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýar. Hanguly Kütiýewiň daşary döwletlerde geçirilýän medeniýet günlerinde, dos-doganlyk festiwalynda-da çykyş edýär. Ýurdumyzda belli döredijilik toparlarynyň hataryna goşulmaga hukuk berilýär. Ol şol toparlar bilen Özbegistan Respublikasyna, Saud Arabystany patyşalygyna, Hytaý, Ukraina, Türkiýe, Owganystan ýaly ýurtlarda bolup, türkmen medeniýetini, sungatyny arşa götermek bilen özünde bolan ukyp-başarnygyny açyp görkezýär. Ol Türkmenistanyň halk artisti Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine düzülen gazallary ýerine ýetirýär. Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda goşan saldamly goşandy üçin, ýerine ýetirijilik çeperçilik ussatlygy, döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Hanguly Kütiýew 2016-njy ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň welaýatymyzdaky «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde direktoryň orunbasary wezipesine işe bellenilýär. Ol Nebitçileriň medeniýet köşgünde hereket edýän «Dehistan» folklor-etnografik toparynyň ýurdymyzda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda bitirýän işlerine öz goşandyny goşýar. Şeýle hem, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medaly bilen sylaglanýar.
Şirinden-şirin aýdymlary ynsana ruhy güýç berýär. Halkymyz: «Bagşyly halk – bagtly halk» diýýär. Milli medeniýetiň aýratyn wajyp bölegi bolmak bilen, türkmen bagşylarynyň sungaty asyrlaryň çuňluklaryndan gaýdýan sazandalyk we aýdymçylyk sungaty ýaly dürli ugurlaryň tebigy baglanyşygy bolup durýar. Köp asyrlyk taryhy ýoly geçmek bilen, Türkmenistanyň aýdym-saz sungaty halk ussatlarymyzyň ençeme nesilleriniň döredijiliginde sünnälendi. Gysgadan manyly ömrüni türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmäge bagyş eden Hanguly Kütiýew baradaky ýakymly ýatlamalar bu toprakda hemişe ýaňlanar.
Wepa TUWAKJANOW,
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň Önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy, TMÝG-niň işjeň agzasy.