Göwün küýsegiSlider

Men-ä oba gitjek…

15-08-2023 / 20

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň 2023-nji ýylyň awgust aýynda çapdan çykan «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») halkara žurnalynyň Däde Gorkut kitabynyň Bursa golýazmasyna bagyşlanan 200-nji sanynyň 18 – 20-nji sahypalarynda türkmen şahyry Oguljennet Bäşimowanyň «Men-ä oba gitjek» («Ben Köye gitmek istiyorum»),  «Stambul ruhy» («Istanbul’un ruhu») atly goşgulary türk dilinde neşir edildi.

Ýewraziýa ýazyjylar birleşginiň 2007-nji ýyldan bäri her aýda neşir edilip başlanan «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») halkara žurnalynyň  2023-nji ýylyň awgust awgust aýynda çykan 200-nji sanynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çuňňur zehinli halypa žurnalisti, ussat ýazyjy-şahyr Oguljennet Bäşimowanyň goşgularynyň bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Onuň ady agzalan halkara žurnalynda türk dilinde çap edilen goşgularynyň ene dilimizdäki asyl nusgasyny turkmengazet.com elektron neşiriniň «Göwün küýsegi» bölüminiň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Pursatdan peýdalanyp, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») žurnalynyň baş redaktory Ýakup Ömerogluna we türki halklaryň ýazyjy-şahyrlary üçin niýetlenilen bu halkara neşiriniň döredijilik işgärlerine türkmen şahyry Oguljennet Bäşimowanyň şahyrana eserlerine goýýan çäksiz hormatlary üçin türkmen okyjylarynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris.

MEN-Ä OBA GITJEK

Men-ä oba gitjek,oglumy alyp,
Gözellige öwrenişsin gözlerim.
Daňdan goňşularyň howzuna baryp,
Suw daşajak,nahallarna mellegiň.

…Ejemden soň… alçalar hem garrapdyr,
Gorlanypdyr, dym-dykyzja gölämiz.
Seýrek gelýän aýal doganlam ýaly,
Üzümleri selçeňläpdir teläriň.

Ýene-de göwrämi ýorunja busup,
Ot ýygyşyn gaýtalajak enemiň.
Sapagny ötürip bermegem lezzet
Kölegede, gözi uly temenniň.

Erkek doganymyň sözleri ýaly,
Dünýä mähir bilen haçan bakarka?
Abraýy galamdan gözledim ýördüm,
Başga zady dileg etmän Ýokarka…

Menem säher suw sepjek giň gujagna,
Çagalygmy bagra basan howlymyň.
Şükür, hiç sönmedik atam ojagna,
Mähri siňsin, ulalmaka oglumyň.

Men-ä oba gitjek, dynjymy aljak,
Görüp gaýtjak, maňkalyja jiglemmi.
Hemem gyz jigime hünjüjik alyp,
Sag bol aýtjak, hut şol öýde doglanna.

Tämiz saklawersin ejemiň öýün,
Işe gidip gelibersin, gelnejem.
Bäş-on günjük öý işlerni edeýin,
Hyzmatymy görsünler goý, meniňem.

Göçgünli kelleler bir mahal ýaşkak,
Okamaga äkelipdir, paýtagta.
Ýogsa, partygmyzy dakynyp, mäkäm,
Giderdik-le okuwdan soň pagta-da.

Men-ä oba gitjek, kölegeli tam,
Hem ejemiň ýerin tutan gelnimiz,
Bäş köçe aňyrda ýaşaýan atam,
Baý islärdi, paýtagtdan gelmegim.

Maňa azar bermäň, men oba gitjek,
Güňleç şäher sesden aljak dynjymy.
Sähralaň şemalna derdimi daňyp,
Şygyr ýazjak, söýgi hakda ünjüli.

Ýol-ýola, il-ile sapanda agşam,
Sygyrlaryň sürä gidip gelşini,
Synlaýyn-la biraz suratkeş ýaly,
Agşamara süri obaň gelşigi.

Goňşy gyzlar gözlerini süzüşip,
Diýýärler ogluma: “görmegeý ýigit”.
Senem ýürek gyssa, gussa ilişip,
Şäheri birsellem taşlap, oba git!

Men-ä oba gitjek, şu gün ýa ertir,
Köp boljak däl, gussalarym çogmasyn.
Arasynda käte baryp gaýdaýyn,
Eziz obam unutmasyn, dogmasyn.

Gündizki otla-da alyp petegi,
Synlap gitjek, sagy-soly, çar ýanym.
Şonda sähraň seçegine çolaşan,
Bedewler synlasyn, oba barýanym.

Ýaşyl baýyrlaram meniň yzymdan
Galgap galsyn müň bir reňkli şal ýaly.
Megerem şemallaň içi gysandyr,
Olaram oňlarlar oba barýanym.

Täsin-le, otlynyň “şuwlap” gitmesi,
Sähraň ruhy kowalasa, yzymdan,
Gül tumarly sähram, närazy bolup,
Öýkeläp galmasyn, şahyr gyzyndan.

Men-ä oba gitjek, gözlem dynç alsyn,
Hem oglan doganym “gel” diýýär “ýygy”.
Goý ýüregim derdin döksün, ynjalsyn,
Men oba gideýin, alyp oglumy.

*** 

STAMBUL RUHY

Janymdan jan syzyldy,
Uçmah ryzwan syzyldy.
Ölüm perwanasyndan,
Ne nem, ne gan syzyldy.

Nije ýyldyr, gamsyzam,
Ýollarym sowalsyzam.
Gidibilseň gidiber,
Ellerim galamsyzam.

Uzat maňa gollaryň,
Niçik hal-ahwallaryň.
Düşünmediň – düzmediň,
Nirede hyýallaryň.

Gelip-geçen dünýe bu,
Neneň-niçik heňde bu,
Bizi bir ýana goýup,
Hyýallary zyňdy bu.

Içim-içime gider,
Gazlar göçüme gider,
Seň gözlerňe baglandym,
Olar geçirmediler.

Kelebiň ujy gaçdy,
Melegiň täji gaçdy,
Unudylmajaklardandyk,
Pelegiň ýady gaçdy.

Suw geler, akar gider,
Nemlendir, ýakar gider.
Bir gün adam teninden,
Towlanar, çykar, gider.

Taýýarlan: Toýly JÄNÄDOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu