«Telegram»-yň işe başlamagynyň on ýyllygy bilen baglanyşykly sosial ulgamda hekaýalary (stories) ýerleşdirmek funksiýasy ähli ulanyjylar üçin kem-kemden elýeterli bolar. Sosial ulgamy esaslandyryjy Pawel Durow bu barada habar berdi.
Durow: «Häzirki wagtda ähli ulanyjylara hekaýalaryň ädimme-ädim açylmagy «Telegram»-yň taryhynda täze tapgyryň başlangyjydyr. Soňky on ýyl tolgundyryjy boldy we indiki 10 ýyl «Telegram»-yň hakyky mümkinçiligini açjak döwür bolar» diýdi.
Durow «Hekaýalar» funksiýasyny iýun aýynyň ahyrynda yglan etdi. Onuň sözlerine görä, başda kompaniýa beýle aýratynlyk goşmak islemedi, ýöne ulanyjylar muny talap etdiler.
Iýul aýynda «Hekaýalar» aýratynlygy diňe premium abonentler üçin elýeterli boldy.
«TürkmenGazet».