“Hazar möwsümleri – 2023” halkara nusgawy sungat festiwaly şu ýylyň 18-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda Astrahanda geçiriler. Bu möhüm medeni çärä Türkmenistanyň döredijilik toparlaryny Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişinde Aşgabada eden saparynda çagyrypdy.
Festiwal Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen üçünji gezek geçirilýär. Çäräniň dabaraly açylyşy 22-nji awgustda bolar we ol Astrahan Kremliniň sobor meýdançasynda uly sahnada konsert bilen açylar.
Festiwala Hazar döwletleriniň simfoniki orkestrleri gatnaşar we ol Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan hem-de Türkmenistandan iň gowy sazandalary özüne birleşdirer.
«Altyn asyr» elektron gazetinde habar berlişi ýaly, festiwalyň maksatnamasy tomaşaçylaryň Hazar döwletleriniň medeniýeti we sungaty bilen giňden tanyşdyrylmagyny öz içine alýar. 25-nji awgustdan 28-nji awgusta çenli “Astrahan” filarmoniýasynda festiwala gatnaşyjy her bir ýurda bagyşlanan konsert geçiriler. 28-nji awgustda Türkmenistanyň güni geçiriler.
«TürkmenGazet».