Habarlar

Ýapon ýokary okuw mekdebine türkmen dili sapagy girizilýär

11-08-2023 / 4

Täze okuw ýylyndan başlap Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti ýapon we daşary ýurtly talyplar üçin okuw sapaklaryna türkmen dili dersini girizer.

«Altyn asyr» elektron gazetiniň habar berşi ýaly, sapaklar türkmen dilini, edebiýatyny, medeniýetini öwrenmek isleýän talyplar üçin ýola goýlar. Diňleýjiler üçin leksiýalary Sukuba uniwersitetiniň ylmy işgäri Masahiro Oku alyp barar.

Masahiro Oku türkmen dilini özleşdirmek isleýänlere kömek bermek maksady bilen, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýapon dili bölümini tamamlan Jennet Rozykulyýewa bilen bilelikde geçen aýda täze okuw gollanmasynyň taýýarlama işini tamamlady. “Türkmen gepleşik kitaby ýapon dilinde” atly bu neşir Ýaponiýada türkmen dilini ýaýmak taslamasynyň çäklerinde taýýarlandy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu