Günüňize ir başlasaňyz ýa-da giç oýansaňyz, uky dünýäsinden oýanyp, hakyky dünýä gelen ilkinji sagadyňyz siziň üçin gaty möhümdir. Aslynda, güne başlamak üçin metodiki meýilnama gerek. Ukudan oýananyňyzdan soň ilkinji sagatda näme edýändigiňize gaty seresap boluň!
Ine, günüň dowamynda ünsüňizi, öndürijiligiňizi we hal-ýagdaýyňyzy iň ýokary derejede saklamak üçin ilkinji sagatda edilmeli käbir işler:
Ýatmazdan ozal özüňizi nähili bagtly we üstünlikli hasaplaýandygyňyza göz ýetiriň.
Uky wagtynda beden suw siňdirýär. Oýananyňyzdan soňra bir stakan suw içiň. Isleseňiz, suwuňyza bir dilim limon hem goşup bilersiňiz.
El-ýüzüňizi, dişleriňizi we diliňizi hökman ýuwuň.
Beden maşklarlaryny ýerine ýetirmek bedeniňiziň iň gowy görýän zady. Hut şonuň üçin ertirki maşklary ýerine ýetirmegi ýatdan çykarmaň.
Oýanan badyňyza pikirlenseňiz täzeden uklap galmagyňyz gaty adaty zat. Şol sebäpli bedeniňizi maşklary ýerine ýetirip oýaranyňyzdan soňra pikir etmek has dogry bolar. Meditasiýa bilen özüňizi we günüňize deňagramlylygy taýýarlaýarsyňyz.
Gök önümlerden ertirlik içgisini taýýarlaň. Bedeniňizi gaty gowy görýän bolsaňyz, irden ysmanak, käşir, alma we şuňa meňzeş iýmitlerden içgi taýýarlaň.
Yeňil bir zatlar iýiň. Agyr ertirlik naharyny edinmek gowy däl, sebäbi bedeniňiz ýaňy oýanyp, iýmit siňdiriş ulgamyňyz işe başlaýar.
Bir zatlar okaň. Kitap okamak ünsüňizi jemleýär we beýniňizi türgenleşdirip başlaýar. Şonuň üçin günüňize gazet okap, täzelikler bilen tanyş bolmakdan başlap bilersiňiz.
Günüň dowamynda näme etjekdigiňizi gözden geçiriň. Her gün azyndan 3 maksat ediniň.
Çaý içiň. Isleseňiz kofe içip bilersiňiz. Ýöne çaý keýpiňiz, saglygyňyz we iýmit siňdiriş ulgamyňyz üçin has peýdalydyr. Şeýle hem çaý içmek döredijiligiňizi artdyrýar.
Gün üçin niýet düzüň. Niýet we maksat bir zat däldir. Mysal üçin, niýet, her bir işiňi söýgi bilen etmek, işiňi mümkin boldugyça kämil etmek. Niýet maksatdan has gowudyr.
«TürkmenGazet».