
Hytaýyň Çžanszýasze milli seýilgähi täsinlikleri özünde jemleýär. Ol diňe seýilgäh däldir. Şol bir wagtda hem haýwanat bagydyr, hem-de botaniki goraghanadyr.
Sütün görnüşindäki kwars gaýalarynyň beýikligi 800 metre çenli ýetýär. Seýilgähde ösümlikleriň ençemesi ösýär hem-de haýwanlaryň 500 görnüşi ýaşaýar. Olaryň arasynda siwetta atly ýyrtyjy, gyzyl hem-de mawy agaç seýrek duşýan görnüşlerdir. Dagda uly bolmadyk Sary ýolbars obasy ýerleşip, onda Hytaýyň az sanly 3 halkyýeti ýaşaýar. Bu ýerdäki Baýlun lifti dünýäde iň beýik lift hasap edilip, ol sanlyja sekuntda 330 metr belentlige çykarýar.
«Asmandaky köpri» diýlip atlandyrylýan köpriniň ini 4 metr, uzynlygy 50 metr bolup, bir gaýadan beýikligi 357 metr bolan beýleki gaýanyň ýokarsyna geçmek mümkindir.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen seýilgähde başga-da aždarhalaryň şasy Lunwandunyň, Sary aždarhanyň gowaklary bar.
«TürkmenGazet».