Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
turkmengazet.com