Janly tebigatyň milli muzeýi 40 gektardan ybaratdyr.
Bu ýerde üç müňden gowrak süýdemdirijiler, guşlar, süýrenijiler, balyklar we deňizde ýaşaýan beýleki jandarlar saklanylýar.
Ol diňe körpejeler üçin däl, ulular üçin hem juda gyzykly dünýä.
Açyk asmanyň astyndaky bu muzeý maşgala bolup dynç almak üçin iň amatly künjekleriň biri hasaplanylýar.
Haýwanlary synlamak adamlary has hoşgylaw edýär, olaryň içki dünýäsini baýlaşdyrýar.
Bu toplumda gaýry ýurtlardan getirilen we ýerli jandarlar üçin tebigy şertlere mümkin boldugyça ýakynlaşdyrylan şertler döredilendir.
Foto: Ilaman ÇÜRIÝEW.