Sizi yssydan gorap biljek birnäçe maslahatlary ýetirmegi makul bildik. Tomus möwsüminiň dowam edýän günlerinde adamlar çydap bolmajak yssy howa bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Köpümiz otagy salkyn saklamak üçin kondisionerleriň hyzmatyndan peýdalanýarys, a käbirimiz…
Daşarky temperatura 30 dereje ýa-da ondan hem ýokary bolsa, jaýyň içi gaty yssy bolýar. Kondisioner ýok ýagdaýynda aşakdaky amatly sowadyş usullary size kömek eder:
Otaglaryň penjirelerine folga asyň! Käbir jaýlaryň penjirelerinde folga asylandygyny gören bolmagyňyz mümkin. Bu usul otagy Gün şöhlesinden goramagyň köne we ýönekeý usullaryndan biridir. Emma bu usul diňe jaýyň penjireleri günorta tarap bolan ýagdaýynda has täsirli bolýandyr.
Buz kublaryndan peýdalanyň! Bu usuldan peýdalanmak üçin birnäçe 1,5 litrlik plastik çüýşeler gerek. Ilki bilen, plastiki gaplary suw bilen dolduryň we sowadyja ýerleşdiriň. Suw doňandan soňra gaplaryň agzyny sim bilen berk daňyp, penjireden uzakda, otagyň burçunda goýuň. Ýöne şeýle göçme «kondisioneriň» eredilen «kondensatynyň» ýere gaçmagyndan seresap boluň! Bu usul kondisioner ýok wagtynda otagy sowatmaga kömek etmän, eýsem, jaýdaky howany nemlendirmäge hem ýardam edýär.
Perdeleri ulanyň! Açyk Gün şöhlesi otaga girende, otagyň temperaturasyny 10 dereje ýokarlanyp biler. Şonuň üçin perdeler Gün şöhlesiniň düşmezinden öň ýapylmalydyr. Galyň perdeler has amatlydyr. Bu maslahat, esasanam, penjireleri günorta tarap seredýänler üçin has amatlydyr.
Otagy belli bir wagtda şemalladyň! Öýüňizi kondisionersiz sowatmak üçin penjireleriňizi diňe irden — howanyň salkyn wagty açmaly. Şeýle hem perdeleriňize sowuk suw sepip, nemlendirip bilersiňiz.
Yssy howada gaz plitasyndan we ütükden azrak peýdalanyň!
Bulardan başga-da, ýassykdyr ýorgan, düşekler ýeňil we howa geçiriji matalardan bolmaly.
Ýokarda sanap geçen maslahatlarymyz siziň üçin peýdaly bolar diýip umyt edýäris!
«TürkmenGazet».