Habarlar

Türkmen telewideniýesiniň wekilleri «TRT»-de amaly okuwlary geçdiler

25-07-2023 / 6

Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýä tejribesini milli tejribe bilen sazlaşykly ornaşdyrmak, teležurnalistleriň we döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri giň gerime eýe bolýar. Ýakynda, has takygy 17 — 21-nji iýul aralygynda türkmen telewideniýesiniň wekilleriniň Türk radio we telewideniýe korporasiýasynda (TRT) amaly okuwlary geçmekleri hem bu babatda aýdylanlara  aýdyň mysaldyr.

Türkmen telewideniýesiniň döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriniň «TRT»-niň  Ankaradaky esasy bölümine baryp görmekleri, ol ýerde türk kärdeşleri bilen duşuşyp, tejribe alyşmaklary türkmen žurnalistleriniň bilimleriniň üstüni ýetirmekde we başarnyklaryny baýlaşdyrmakda ähmiýetli ädim boldy. Bäş gün dowam eden okuw pursatlarynda ussat türk teležurnalistleri, režissýorlary we tejribeli telewideniýe işgärleri türkmen wekiliýetini öz täzeçe iş usullarynyň aýratynlyklary, täze tehnikalaryň peýdalanylyşy we ekran eserlerini döretmegiň täzeçe çemeleşmeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem häzirki güne çenli türk telewideniýesiniň gazanan tejribesiniň naýbaşy we zerur usulyýeti dogrusyndaky tejribelerini paýlaşdylar. Ýokary guramaçylyk derejesinde guralan okuwlar hil we mazmun taýdan baý bolup, onda diňlenilen çykyşlar, görkezilen serişdeler täsirliligi taýdan tapawutlandy. Tejribelige bagyşlanan pursatlar bolsa öwrenilenleri amaly taýdan özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Şulardan hem mälim bolşy ýaly, bu amaly okuwlar türkmen telewideniýesiniň işgärleriniň bilimleriniň üstüni ýetirip, tejribelerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri bagyşlady diýip arkaýyn aýdyp bolar.

Türkiýe Respublikasynda geçirilen amaly okuwlaryň  jemleýji gününde okuwlary geçen wekillere degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy bolsa bu gezekki okuw saparynyň netijeli we üstünlikli geçendigini alamatlandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, şeýle taslamalar indi birnäçe ýyllardan bäri degişli maksatnamalar we gazanylan ylalaşyklar esasynda yzygiderli durmuşa geçirilip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda oňyn netijeleri berýär.

Döredijilik işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza  türkmen žurnalistleriniň alkyşlary egsilmezdir.

Kemal ANNAÝEW,
«Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu