2023-nji ýylyň 17 — 23-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Beýburt şäherinde türki dünýäsinden müňlerçe ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda XVIII Halkara Gorkut ata medeniýet we sungat festiwaly dabaraly ýagdaýda geçirildi. Türk dünýäsiniň köp asyrlyk medeni aýratynlygyny we umumy mirasyny göteriji diýip at alan Gorkut ata bu ajaýyp festiwalda ýatlanyldy.
Türki medeniýetiniň beýik şahsyýetlerinden biri bolan Gorkut atanyň iň gadymy epiki kitabynda Gorkut ata baradaky hekaýalar taryha we medeni geçmişe öz täsirini ýetirmegini dowam etdirýär. Maglumatlara görä, 1994-nji ýyldan başlap, iýul aýynyň üçünji hepdesinde meşhur alymyň täsin mirasyna ünsi çekmek maksady bilen, Gorkut atanyň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Beýburt sebitinde «Halkara Gorkut ata we sungat festiwallary» ady bilen ilkinji festiwal geçirilipdir.
Şeýle-de bu ajaýyp festiwalda naýza zyňmak boýunça ýaryşlar, ýerli tagamlar taýýarlanylyp, sungat we senetçilik sergileri, konsertler, halk döredijiligine bagyşlanan sergilerdir çeper okaýyşlar, tegelek stol gepleşikleri ýaly birnäçe jemgyýetçilik-medeni çäreler guraldy.
2018-nji ýyldan bäri türki dilli döwletleriň birleşdirijisi bolan Gorkut atanyň edebi mirasy ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.
«TürkmenGazet».