Şu gün – 24-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 66 ýaşyny garşy aldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny iberdi.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Mirziýoýew 1957-nji ýylyň 24-nji iýulynda Jizzah welaýatynyň Zomin etrabynda lukman maşgalasynda dünýä indi.
Daşkent irrigasiýa we meliorasiýa institutynda ýokary bilim aldy. Şawkat Mirziýoýew syýasy karýerasyna 1990-njy ýylda başlady.
Etrap häkiminden premýer-ministr wezipesine çenli ýoly geçdi. 2016-njy ýylda Şawkat Mirziýoýew saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň Prezidenti wezipesine saýlandy. Bu ýyl bolsa täze möhlete gaýtadan saýlandy.
«TürkmenGazet».